TEHNOLOGIÝA

«Casper» kompýuter pudagynyň lideri boldy

Türkiýäniň tehnologiýa bilen bagly ýeke-täk baýraklaryň biri bolan «Tehnologiýa brendleri — Türkiýe» baýragynyň «Kompýuter kategoriýasynda» geçen ýylky ýaly bu ýyl hem «Casper» öňdebaryjylygy eýeläp, birinji orna mynasyp boldy. Bu bäsleşikde Türkiýäniň iň gowy markalary saýlandy. Bu sanaw 26 sany kategoriýa esasynda alnyp baryldy. Türkiýede umuman 12 welaýatda 1000 adamyň gatnaşmagynda geçirilen gözlegde, «Casper» kompýuter senagatynda iň güýçli marka diýlip yglan edildi.

«Casper» kompaniýasynyň Korporatiw we Aragatnaşyk işleri boýunça Direktory Ahmet Beliktaý: «Türkiýede ikinji gezek gurnalan bu baýrak programmasynda üstünlikli çykyş edip, öňdebaryjy marka hökmünde ikinji gezek saýlanandygymyza buýsanýarys. «Casper» kompaniýasynyň işgärleri mundan beýläkde sarp edijileri iň täze tehnologiýalar bilen üpjün etmek we ilkinji nobatda müşderileriň kanagatlylygyny saklamak biziň baş maksadymyz bolup durýar — diýip, öz çykyşynda belläp geçdi.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi