BIZNES

“Çalyk Enerji” kompaniýasy Türkmenistanda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçilişi ýaly, 2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde peýda boljak ilatly ýerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün ediler.

Ýurdumyzyň Energetika ministrligi tarapyndan Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de Serdar elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektirk geçirijisi gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.

Mälim bolşy ýaly, ozal berlen habara laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky 25 mln dollarlyk Karz ylalaşygy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylypdy.

Türkmenistanda 3 sany gämi gurluşygy maliýeleşdiriler

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler