SIZDEN GELENLER

Çagalaryň saglygy bahasyz baýlykdyr

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala geldi. Munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Çagasy düýpli bejergi alyp, sagalan ene-atalaryň bagtyny ölçemek kyn, ol çäksizdir. Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanda şeýle bagtly ene-atalaryň sany artdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan köp sanly çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýokary derejede bejergi aldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzdaky körpejeleriň bejergi alýan hassahanalaryna yzygiderli baryp görýär, çagalar we olaryň ene-atalary bilen duşuşýar.

Milli Liderimiziň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi netijesinde geçen döwrüň içinde gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň birnäçesine operasiýalaryň amala aşyrylmagy, welaýatlardaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine zerur bolan saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň gönükdirilmegi pederlerimiziň ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýaly ýörelgeleriniň dowam etdirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzda çagalaryň bagtyýarlygyny gazanmaklyga gönükdirilen ähli işler kanunçylyk taýdan berkidilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri giň gerimde alnyp barylýar. Onuň netijesinde, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolan wagtynda etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi we olar häzirki wagtda halkymyza hyzmat edýär.

Bugünki gün hem Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

“B.Braun” kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň bu meşhur kompaniýasynyň şeýle görnüşdäki täze enjamlary şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, pu­da­gyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, ama­ly luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ýa­ly we­zi­pe­ler Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­dyr.

Maýa Ataballyýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri