SIZDEN GELENLER

Ç.Kobbyň hem-de P.Duglasyň teklip eden önümçilik funksiýasy

Her bir ösen jemgyýetçilik önümçiligi üçin ykdysady ösüş – önümçiligiň mukdar hem-de hil taýdan ösüşi wajyp bolup durýar. Ykdysady ösüş bolsa önümçiligiň ösüşi bilen häsiýetlendirilýär. Elbetde, önümçiligiň ösüşine bolsa önümçilik serişdeleri hem-de zähmet resurslary örän uly täsir edýär. Olaryň doly derejede üpjün edilmegi önümçiligiň üznüksiz gaýtalanyp durmagyna hem-de ösüşine getirýär.

Ylmy taýdan önümçilik funksiýasyny ilkinji bolup amerikan ykdysatçylary Çarlz Kobb hem-de Pol Duglas teklip etdiler. Olar aşakdaky formulany hödürlediler:

Y  = A * L * K

bu ýerde:

Y önümçiligiň möçberi,

Azähmet we maýa harajatlaryň laýyklyk koeffisienti.

L zähmet harajatlary;

Kmaýa harajatlary.

Bu ykdysatçylaryň teklip eden modeli önümçiligiň göwrüminiň artmagyna zähmet hem-de maýa harajatlary ýagny, işçi güýjüne hem-de önümçilik serişdelerine sarp edilýän harajatlar uly täsir edýändigini görkezýär.

1928-nji ýylda amerikan ykdysatçylary Ç.Kobb hem-de P.Duglas tarapyndan teklip edilen önümçilik funksiýasy statistiki maglumatlar boýunça synag edildi. Onda maýanyň we işçi güýjüniň ABŞ-nyň önümçiligine edýän täsiri kesgitlenildi.

XX asyryň 50-nji ýyllarynda bu önümçilik funksiýasynyň üsti ýetirildi, ýagny ylmy-tehniki progres goşuldy. “Ylmy-tehniki progres bolmadyk ýagdaýynda önümçilik şol bir derejesinde durar, indiki ýokarky basgançaklara geçip bilmez” diýlip bellenildi. Şeýle hem häzirki zaman şertlerinde Ç.Kobbyň hem-de P.Duglasyň funksiýasynyň üstüne ylmy-tehniki progres bilen bilelikde tebigy şertler hem goşuldy.

Röwşen Muhammedow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.

 

Nowruz yrymlary

Related posts

Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Baý bolmak hakynda gysgaça maslahatlar

Ata Watan Eserleri

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň milli hukuk esaslary