ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM
Buýsançnama
Ak güllerem senden alan ak reňkiniň gönezligin,
Bu gün dünýäň dillerinde şeýda boldy gözelligiň,
Gül goýnuňda ýaşamaklyk bagt çykmasy gözleglermiň,
Ümmülmez Älem giňligiň nazarynda sen, Arkadag
Arkadagyň yhlasyndan binýat bolan jan, Arkadag.
Gujagyňda jemlenipdir kaşaň täsin köşgi -eýwan,
Heňňamlardan bu pursatlar täze zaman, täze eýýam,
Özge ýere çalyşmaryn seni çyn ýürekden söýýän,
Zyban içre waspyň etsem tükenmez sözlem Arkadag
Arkadagyň yhlasyndan binýat bolan jan, Arkadag.
Joşgun berýär köňüllere tämiz aýdyň säherleriň,
Bütin jahan ýurtlarynda seresi sen şäherleriň,
Gözelligňe gözellik biýr gyş, güýz, tomus, baharlaryň,
Mekanyňa gelen haýran düşmüş uçmaha Arkadag
Arkadagyň yhlasyndan binýat bolan jan, Arkadag.
Al-ýaşyla bürenipdir çar künjegiň bagy-bossan,
Serhowuzly seýilgähleň ýazdy:r maňa ajap dessan,
“Öňe, öňe, diňe, öňe, jan Watanym Türkmenistan”,
Diýýän milli Lider bilen şöhrat -şanym sen, Arkadag
Arkadagyň yhlasyndan binýat bolan jan, Arkadag.
Şöhrat Myradow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň koreý dili hünäriniň talyby.
