SIZDEN GELENLER

Bütindünýä şäherler gününiň bellenilmeginiň maksady näme?

Göz gamaşdyrjy täsinliklere eýe bolan, başyny göge diran owadan binaly şäherleri göreniňde özüne haýrana goýup, adamlarda täsin duýgulary oýandyrmagy başarýar. Adamlara rahat ýaşaýşy  hödürlap, sosial taýdan ýokary derejä göterilmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda şäherler medeniýetiň, sungatyň has ösen  nokady hasaplanyp, dünýä ýüzündäki jahankeşdeleriň üns merkezine öwrüldi. Çylşyrymly, ajaýyp gurluşly  ymaratlaryň muzeýleriň, taryhy  binalaryň ýerleşýän şäherleri syýahatçylaryň iň köp düşleýän merkezleri hökmünde bilinýär. Häzirki wagtda dünýäde köp sanly haýran galdyryjy şäherler bolup olara: Moskwa, Tokio, Seul, Pekin, Brýussel, Şanhaý, Pariž hem-de paýtagtymyz Aşgabat ýaly biçak köp şäherler adamlaryň syýahatçylyk üçin gitmegi halaýan ajaýyp ýerlerdir.

2013-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 31-nji oktýabry “Bütündünýä şäherler güni” diýlip yglan edildi. Bu güniň döredilmeginiň  esasy maksady dünýäde täze şäherleri döretmek hem-de olarda ekologiki arassaçylygy üpjün etmek bolup durýar. Biz üçin oňaýly şertleriň  döredilip, ýaşaýşymyzyň  aňsatlaşdyrýan şäherleriň ekologiki taýdan arassa saklap, olary gözümiziň göreji deýin gorap saklamak biz ýaşaýjylaryň esasy borjydyr.

Özüňi süýji düýşde duýdurýan bu şäherler gözelligi, görküne-görk goşup oturan üýtgeşik gurluşly ymaratlary, dünýäde gazanan meşhurlygy bilen her bir ynsan tarapyndan goralmaga laýykdyr. Jahanda mermer binalary, göze ýakymly, aklyňy haýrana goýýan jaýlar bilen paýtagtymyz  Aşgabat şäheri göreni haýrana goýýar. Gün-günden  gözelleşýän paýtagtymyz bu günki gün dünýä şäherleriniň  arasynda öz mynasyp ornuny eýeleýär.

Selbi Hojanyýazowa

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

filosofiýa hünäriniň  III ýyl talyby.

Türkmenistandan Russiýa 25-nji uçar gatnawy amala aşyryldy

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi