JEMGYÝET

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan Türkmenistana geldi

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Nejmeddin Bilal Ärdogan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Aşgabatdaky saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçiren Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Nejmeddin Bilal Ärdogan Türkmenistanda sportuň milli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

– Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Aşgabada geldik. Şeýle uly dabaralara gatnaşmak üçin uly bagtdyr. Türkmenistan 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny hem-de kuraş boýunça dünýä çempionatyny üstünlikli gurnady, şeýle hem halkara ýaryşlary ýokary derejede gurnamak mümkinçiligine eýedigini görkezdi. Biziň baý sport däp-dessurlarymyzy göz öňünde tutup, ýakyn geljekde etnosport boýunça iri halkara ýaryşlaryny gurnap bilersi. Bu diňe bir sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary hem pugtalandyrar – diýip, Bilal Ärdogan belledi.

 

Related posts

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Aşgabat «Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe» formatyndaky sammiti geçirmäge taýýar

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi