SIZDEN GELENLER

Bütindünýä audiowizual miras güni

Audiowizual arhiwler bize dünýäniň dürli ýerlerinden gelen adamlaryň we medeniýetleriň durmuş hekaýalaryny gürrüň berýär. Olar bahasyna ýetip bolmajak gymmatly bilim çeşmesine şaýatlyk edýän mirasy görkezýär. Jemgyýetleriň arasyndaky medeni we dil dürlüligini giňden açyp görkezýär. Audiowizual arhiwler, biziň ýaşaýan dünýämizi ösdürmegimize we düşünmegimize uly kömek edýär.

2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň agza döwletlerinde dokumental mirasy goramak we elýeterlilik baradaky geçen maslahatynyň netijesinde, Audiwizual mirasyň sanly görnüşde durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini bahalandyrmagyna mümkinçilik berýär.

Bütindünýä audiowizual miras güni ÝUNESKO-nyň Konstitusiýasynda umumy mirasymyzyň we ýadymyzyň beýany hökmünde “söz ýa-da şekil arkaly erkin pikir akymyny” öňe sürmek barada açyp görkezýär. Şeýlelik bilen, Bütindünýä audiowizual miras güni adamlaryň aňynda parahatçylygy goramakda mirasyň roluna uly ünsi çekdi.

Audiowizual materiallar hekaýany, hakykaty we barlygy aýdyp biler. Olar, gatnaşyp bilmeýän wakalarymyzy synlamaga, geçmişimizdäki bolup geçenleri habar berýän gyzykly hekaýalary döretmegimize uly mümkinçilik berýän dünýä açylan penjiredir. Dünýä düşünmäge we jemgyýet bilen gatnaşyk saklamaga synanyşanymyzda audiowizual materiallar durmuşymyzda barha möhüm rol oýnaýar.

ÝUNESKO-nyň umumy konferensiýasynyň 33-nji mejlisinde 33 C belgili Karar kabul edilip, onda 1980-nji ýylda göçürlen suratlary gorap saklamak baradaky teklibiniň esasynda, 1980-nji ýylda geçen Baş konferensiýasynyň 21-nji sessiýasy tarapyndan audiowizual miras üçin Bütindünýä güni bellemek hakynda teklip kabul edilýär. Bu teklip audiowizual mirasyň ähmiýeti barada düşünjäni ýokarlandyrmaga goşant goşsa-da, geljekki nesiller üçin ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik ösüşiniň köplenç özboluşly subutnamasyny gorap saklamakda-da möhüm rol oýnaýar. Teklibiň ýyl dönümi, audiowizual mirasy gorap saklamagyň zerurdygyny ykrar etmek hem-de çäre görmek üçin öz wagtynda mümkinçilik hökmünde görülýär.

Bu gün dünýäniň käbir ýurtlarynda Bütindünýä audiowizual miras güni mynasybetli logo dizaýn bäsleşigi ýaly ýaryşlar geçirilýär. Mundan başga-da Milli film arhiwleriniň görkezilmegi, telewideniýe ýa-da radio tarapyndan bilelikde döredilen ýerli programmalar, tegelek stol maslahatlary, konferensiýalar we audiowizual resminamalary goramagyň ähmiýeti barada leksiýalar geçilýär.

Atajan Hamraýew

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

Türkmenistan-Gazagystan: resminamalaryň uly bukjasyna gol çekildi

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi