MEDENIÝET

Türkmen talyplar Ankaradaky “Türkmenistan” seýilgähine baryp gördi

Türkiýäniň Bursa şäherinde bilim alýan türkmen talyplary dostlukly ýurduň paýtagty Ankara şäherinde ýerleşýän “Türkmenistan” seýilgähine  we bu şäheriň birnäçe ajaýyp ýerlerine syýahat gurnadylar. Bursadaky türkmenistanly talyplar bu seýilgähde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine hem baryp gördüler. Bursa Uludag uniwersitetiniň çäginde hereket edýän Türkmenistan medeniýet we sungat klubynyň gurnan çäresine 40-dan gowrak talyp oglan we gyzlar gatnaşdy.
Ankara şäherine gurnalan bu gezelenç barada Bursa Uludag uniwersitetiniň çäginde hereket edýän Türkmenistan medeniýet we sungat klubynyň ýolbaşçysy Ogulnar Nurlyýewa saýtymyza beren beýanatynda şeýle diýdi :
– Biz türkmenistanly talyplar bolup  ýurdumyzyň bize döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp,  daşary ýurtlarda bilim alýarys. Biz  ilki bilen Watanymyza we milletimize peýdaly nesiller bolup ýetişjekdigmize ynandyrmak isleýäris. Şonda Türkiýe döwleti biziň üçin aýratyn bir ýurt bolup durýar.  Bursa şäherinde bilim alýan türkmenistanly talyplar bolup beýleki ýurtlardan gelen talyplar ýaly biz hem Bursa Uludag uniwersitetinde Türkmenistan medeniýet we sungat klubyny esaslandyrdyk. Biz uniwersitetiň çägindäki bu Klubyň üsti bilen öz Watanymyzy, medeniýetimizi, dilimizi we öz milli aýratynlyklarymyzy tanatmak mümkinçiligine eýe bolduk. Biz häzire çenli birnäçe çäre gurnadyk. Ine, ýakynda bolsa, türkmen talyplar bolup, Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherine gezelenç gurnadyk. Şol ýerde “Türkmenistan” seýilgägine, bu seýilgähe görk berip oturan Magtymguly Atamyzyň ýädygärligine baryp gördük. Şonda biz ol ýerde beýik Pyragynyň ajaýyp goşgularyny okadyk.  Soňra Atatürküň ýädygärligine hem baryp gördük. Bu gezelenjime bize Bursa şäher häkimligi hemaýat berdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy