MEDENIÝET

Buharestde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Buharestde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen çäre döwletara gatnaşyklaryny täze derejä çykardy. Bu barada TDH habar berdi.

Dabaranyň açylyşynda iki ýurduň medeniýet düzüminiň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş edip, bu çäräniň ähmiýeti, türkmen-rumyn diplomatik, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylýandygy barada nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda soňky ýyllarda beýik ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynynyň goşgular ýygyndylarynyň rumyn diline terjime edilendigi bellenildi.

Çäräniň dowamynda türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, folklor tanslary hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy.

Rumyniýanyň Buharest we Konstanta şäherlerinde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasynda halkara maslahaty, milli gymmatlyklarymyzyň sergisi, edebiýat agşamlary, baýramçylyk konsertleri, milli tagamlarymyzyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan režissýor Arslan Eýeberdiýewiň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýylygy mynasybetli surata düşürilen «Istärin» atly gysga göwrümli çeper filmiň görkezilişi bolar.

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty