JEMGYÝET

BSSG: maýmyn mama keseli üçin sanjym hökmanmy?

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy esasan hem, Ýewropa ýurtlarynda möwç alan maýmyn mama keseli üçin köpçülikleýin sanjym etmegiň zerurlygynyň ýokdugyny belleýär. Käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, bu kesele garşy sanjym we antiwirus serişdeleriniň ýeterlik gorunyň çäklidigi hem bellenilýär.

– Maýmyn mamasy bilen koronawirus biri-birine meňzeş keseller däl. Mama keselinde başga alamatlar bolup, ol diňe gaty ýakyn fiziki ýakynlyk arkaly ýaýraýar. Bu ýagdaý maşgalada we jemgyýetçilik toparlarda ýüze çykyp biler – diýip, BSGG-niň mama keseli boýunça maksatnamasynyň sekretariatynyň ýolbaşçysy Rozamund Lýuis belläp geçdi.

BSGG-niň hünärmenleri arassaçylyk düzgünleriniň wirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek etjekdigini nygtaýar.

Häzirki wagtda dünýäde maýmyn mama keseli bilen ýüzlerçe adam hasaba alyndy. Şeýle ýagdaýyň ABŞ-nyň Waşington ştatynda hem ýüze çykandygy bellenilýär. Mundan başga-da, Massaçusets, Nýu-ýork we Florida şäherlerinde hem keselleriň ýüze çykandygy aýdylýar.

Şeýle näsaglar Kanada, Awstraliýa we Kolumbiýa ýaly şäherlerde hem hassahana ýerleşdirildi.

Ýewropa ýurtlarynda – Belgiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Portugaliýa, Fransiýa, Şwesiýa ýaly ýurtlarda bu kesel peýda boldy.

 

Bişkek-Urumçi awiagatnawlar dikeldilýär

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar