JEMGYÝET

BSGG: koronawirus sanjymy haçan taýýar bolar?

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus sanjymynyň şu ýylyň dekabrynda ýa-da 2021-nji ýylyň başynda tassyklanmaga taýýar boljakdygyny habar berdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş müdiri Dr. Tedros Adhanom Gebreýesus BSGG-nyň epidemiýa hünärmenleri bilen BSGG-nyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki baş edarasynda wideo konferensiýa geçirdi. Onda koronawirusyň täze görnüşiniň soňky ýagdaýlary baradaky soraglara, BSGG hünärmenler komitetiniň baş hünärmeni Dr. Sumýa Swaminatan we BSGG-nyň baş direktorynyň orunbasary Dr. Mariangela Simao jogap berdi.

40 sany sanjym bar

Dünýädäki sanjym barlaglaryny ýakyndan yzarlaýandyklaryny mälim eden Swaminatan, “Bütin dünýäde kliniki synaglaryň gidişini görmek diýseň tolgundyryjy. Bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda kliniki synaglaryň käbir tapgyrlarynda takmynan 40 sanjym bar we olaryň 10-sy “PHASE-3” synagynyň soňky tapgyrynda — diýdi.

Dr. Swaminatan, koronawirus sanjymynyň şu ýylyň dekabrynda ýa-da 2021-nji ýylyň başynda tassyklanmagy üçin elýeterli boljakdygyny habar berdi.

Şeýle hem ozal hem habar berşimiz ýaly, koronawirus sanjymy babatda Russiýanyň hem alyp barýan işleri dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Russiýanyň koronawirus pandemiýasyna garşy ikinji sanjymy –  “Wektor” resmi taýdan ygtyýarnama alypdy. “Wektor” merkezi 24-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginden meýletinlere sanjymyň kliniki synaglaryny geçirmek üçin rugsat alypdy. Ilkinji meýletinçä 27-nji iýulda sanjym edilipdi.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynda koronawirus ýokanjyna garşy ilkinji sanjym bellige alnypdy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: 14 resminama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleri duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýada resmi dabara bilen garşylandy

“Intellektual Umyt” gepleşigi: Dr. Kakajan Kömürow

Ata Watan Eserleri