SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG-den sanjym şahadatnamasy barada

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komiteti halkara syýahatçylygynda sanjym şahadatnamasy zerurlygy barada şertiň goşulmagyna garşy çykdy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Komitetiň garaşsyz hünärmenleri halkara syýahatyny ýeňilleşdirmegi maksat edinýän sanjym şahadatnamasynyň talaplaryna garşydyklaryny mälim etdiler.

Garaşsyz bilermenler koronawirusa garşy sanjymyň adamlaryň wirusy geçirmek ukybyny we ählumumy sanjym paýlanyşygyndaky deňsizligi azaldyp azaltmajakdygy barada çäkli subutnamalaryň bardygyny bellediler. Bilermenler döwletleriň sanjymyň subutnamasyny talap etmeginiň deňsizligi has-da çuňlaşdyrýandygyny belläp geçdiler.

Sanjym şahadatnamasynda adamlaryň koronawirus ýokanjyna garşy sanjym bolandygy, bolan bolsa nirede we haýsy sanjymy alandygy, bu ýokanç bilen kesellänleriň gowulaşandygy we immun derejesinde degişli maglumatlar hem-de koronawirus synag netijenamalary barada maglumatlar bolar.

Şeýle hem BSGG koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýädäki adatdan daşary ýagdaýy ýene-de 3 aý uzaltdy. Bu barada guramanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň ýygnagyndan soňra mälim edildi.

 

Konkur boýunça bäsleşik geçirildi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Täze ýylyň ilkinji çagalary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaga dogluşynyň ösüşi

Özbegistanda Täze ýylyň ilkinji gününde 1815 çaga dünýä indi

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar