SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSG: maýmyn mama keseli gözegçilik astyna alnyp bilner

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus maýmyn mama (mpox) keseli epidemiýasynyň gözegçilik astyna alnyp bilinjekdigini belledi. Gebreýesus epidemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
2022-nji ýylda başlanan global maýmyn mama keseli epidemiýasyndan bäri BSG-a ýüz müňden gowrak tassyklanan hadysa habar berildi. Kesel ählumumy gerimde pes derejede ýaýramagyny dowam etdirýär, emma Afrikanyň sebitinde adatdan daşary ýokarlanma we geografik giňelme ýüze çykdy.
Häzirki wagtda kesel, esasan, Kongo Demokratik Respublikasynda jemlenýär we 2024-nji ýylda hasaba alnan hadysalaryň 90%-i şu ýurtdandyr. Diňe şu ýylyň dowamynda on alty müňden gowrak güman edilýän hadysa hasaba alyndy.

Epidemiýanyň ýaýramagyny duruzmak üçin çalt anyklamak, izolýasiýa we täsirli bejeriş usullarynyň ulanylmagynyň möhümdigi nygtalýar

Related posts

Türkmenistandan Azerbaýjana syýahatçy akymy

Sanly “Covid” şahadatnamasy güýje girýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri