DÜNÝÄ

Bäş sany ada tapyldy

Demirgazyk flotunyň gidrograflary Gara deňizde bäş sany täze adanyň açylandygyny habar berdiler. TASS-yň bu baradaky habarynda aýdylyşy ýaly, «adalar Demirgazyk Täze ýer adasynyň golaýynda ― Wylki (Nansen) buzlugynda ýerleşýär».

Bu adalar ilkinji gezek 2016-njy ýylda faza arkaly alnan suratlarda göze ildi. Ýöne olaryň buz bilen örtülendigi üçin alymlar aýak sekmäge birbada het edip bilmediler. Buzlaryň eremegi bilen adam aýagy sekmedik adalara ilkinji syýahatlar gurnaldy. Şol syýahatlaryň dowamynda ilkinji topografik suratlar hem alyndy.

Adalaryň iň ulusynyň meýdany 54 müň inedördül kilometre ýetýär, iň kiçisi bolsa 900 inedördül metr.

Maglumat üçin soňky üç ýylda Frans-Iosifde we Täze ýerde täze adalaryň 30-dan gowragynyň ýüze çykarylandygyny ýatladýarys.

Related posts

ÝB-Merkezi Aziýa birinji sammiti Özbegistanda geçiriler

Tom Kruzyň kosmos filmi üçin 200 million dollar

Türkmenistan – Katar migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär