BIZNES

Brenda Şaffer: Hazar deňzinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda täze atlandyrylan “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekilmegi alys ýurtlarda hem uly gyzyklanma döredýär.

Mälim bolşy ýaly, golaýda ABŞ-da ýerleşýän Merkezi Aziýa-Kawkaz instituty (CACI) we Ýüpek ýoluny öwreniş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky ähtnama boýunça onlaýn tertibinde forum gurnady.

Şol institutyň resmi internet sahypasynda Atlantik Geňeşiniň Ählumumy energetika merkeziniň uly ylmy işgäri Brenda Şafferiň “Adaty dostlukdan has ýakyn: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Hazar deňzi boýunça täze bilelikdäki energiýa önümçilik ylalaşygy” atly mowzukda makala çap edilipdir.

Bu makalada taryhy ylalaşygyň bu iki döwletiň energiýadan başga-da köp ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky gyzyklanmasynyň subutnamasy bolup durýandygy we soňky iki ýylda iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkeýändiginiň netijesidigi bellenilip geçilipdir. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň diňe energiýa pudagy bilen çäklenmän, eýsem has köp ugurlary öz içine aljakdygy mälim edilipdir.

Mundan başga-da, täze ylalaşygyň Günorta gaz koridorynyň üsti bilen türkmen gazynyň günbatara eksport etmegine hem giň mümkinçilikler döretjekdigi bellenilýär. Şeýle hem bu ylalaşyk Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda nebit marketingi boýunça hem hyzmatdaşlyk etmek ugurlaryny hem açmaga oňyn şertler döretjekdigi mälim edilipdir.

Bulardan başga-da, bu ähtnamanyň sebitiň hem-de Türkmenistanyň energiýa pudagyna Günbataryň täjirçilik gyzyklanmasynyň artmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirjekdigi, Hazar deňzi boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki taslamalaryna Ýewropa sebitiniň maýa goýumlaryny çekmäge kömek edip biljekdigi bellenilipdir.

Energetika pudagy boýunça bilermen bu ylalaşygyň Hazar sebitiniň bir tarapyndaky Merkezi Aziýa bilen beýleki tarapyndaky Günorta Kawkazy birleşdirýän esasy gural bolup hyzmat edýändigini belläp geçipdir.

Bu makalanyň awtory Dr. Brenda Şaffer ABŞ-nyň Harby-deňiz floty ýokary mekdebiniň ylym-barlag fakultetiniň agzasy, Atlantik Geňeşiniň Ählumumy energetika merkeziniň uly ylmy işgäri we Demokratiýany goramak gaznasynyň Analitik merkeziniň energetika ugry boýunça uly geňeşçisidir. Hanym Şaffer  Pensilwaniýa uniwersitetiniň neşirýatynyň “Energetika syýasaty” kitabynyň hem awtorydyr. Bu kitap 200-den gowrak uniwersitetde okuw gollanmasy hökmünde ulanylýar.

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň işi döwrebaplaşdyrylýar

Azerbaýjandan Pars aýlagyna çenli demirýoly gurlar

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi