MEDENIÝET

Bred Pitti bilen Lewis Hamilton täze filmde oýnar

Jozef Kosinskiniň režissýorlyk eden ýaryş filminde F1 sürüjisi Lewis Hamilton we meşhur aktýor Bred Pitt bilelikde çykyş eder.

Hereketli filmleriniň tanymal režissýory Jozef Kosinski, esasanam “Top Gun: Mawerick”  atly kinosy bilen meşhurlyk gazandy. Ol nobatdaky kinosynda Oskar baýragynyň eýesi 57 ýaşly aktýor Bred Pitt bilen 36 ýaşyndaky türgen Lewis Hamilton bilelikde oýnadar.

Köpden bäri awtoulag ýaryşlary barada film surata düşürmegi maksat edinýän Jozef Kosinskiniň bu filminiň ssenariýasyny Ehren Kruger çeker.

“Paramount”, “MGM”, “Sony”, “Universal”, “Netflix”, “Apple”, “Amazon” we “Disney” ýaly ýaýlym platformalary heniz ady doly belli bolmadyk bu filmiň ýaýlym hukugyny almak üçin bäsleşýär.

 

Edebiýat boýunça Nobel baýragy eýesine gowşuryldy

Related posts

Türkmenistanyň medeniýet işgärleri Türkiýede we Fransiýada iş saparynda bolarlar

Täze ýyl mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk konserti geçiriler

«Maşa we aýy» multfilminiň muşdaklary üçin täzelik