Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Baku energetika hepdeliginiň çäklerinde “Hazaryň nebiti we gazy” atly XIX sergi we “Caspian Power” atly XII sergi geçirilýär. Oňa Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.
Bu halkara forumlaryň çäklerinde Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarowyň arasynda duşuşuşyk geçirildi. Şol duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň “BOTAŞ” kompaniýasy bilen Azerbaýjanyň “SOCAR” kompaniýalarynyň arasynda 4 sany şertnama gol çekildi. Bu barada türk ministri jemgyýetçilik torunda habar berdi.
– Biz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen 14-nji maýda Stambulda geçirilen duşuşykda gol çekilen tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşygyň infrastrukturasyny döretmek babatda täze ädimleri göz öňünde tutdyk. Bakuda “BOTAŞ” bilen “SOCAR” kompaniýalarynyň arasynda 4 sany şertnama gol çekildi – diýip, türk ministri belledi.
Gürrüň, azerbaýjan gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermek (üstaşyr şertnama), Nawçywandan Türkiýä (Ygdyr-Sadarak gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanýar), türkmen gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä üstaşyr ibermek we dördünjisi – 2025-nji ýylyň ahyryndan 2030-njy ýyla çenli “Şahdeniz” 1-nji tapgyr ýatagyndan tebigy gazy ibermek şertnamasyny uzaltmak ylalaşygy barada barýar.
Baýraktar bu 4 ylalaşygyň iki doganlyk ýurda peýda getirjekdigine ynanýandygyny belledi.
