Bolliwudyň super ýyldyzy Şahruh Han “Hurun India Rich List 2025” sanawyna görä, takmynan $1.4 milliard dollar baýlygy bilen Hindistanyň iň baý sungat işgäri bolup, milliarderler klubuna goşuldy.
Aktýoryň baýlygy indi Arnold Şwarseneggeriň, aýdymçylar Riannyň we Teýlor Swiftiň, şeýle hem golfçy Taýger Wudsyň baýlygy bilen deňeşdirilýär.
59 ýaşyndaky Han köp sanly uly göwrümli çeper filmleriň, global mahabat şertnamalarynyň, prodýuserlik taslamalarynyň we Hindistanyň Premýer Ligasyndaky “Kolkata Knight Riders” toparynyň eýeçiliginiň utgaşmasy netijesinde 12,490 kror (rupiýa) gowrak arassa baýlyk toplady.
Bu hindi kino senagaty üçin uly üstünlik bolup, Bolliwudyň aktýorlarynyň ilkinji gezek milliarderler hataryna girmegidir. Metbugat habarlaryna görä, Hanyň baýlygy amerikaly aýdymçy Teýlor Swift ýaly birnäçe halkara sungat işgärlerinden hem ýokarydyr.
Köp wagtdan bäri “Bolliwudyň hany” diýlip atlandyrylýan aktýor, 30 ýyldan gowrak dowam eden karýerasyna goşmaça, bu ýyl ilkinji Milli Kino baýragyny hem gazandy.
Ol “Red Chillies Entertainment” atly prodýuserlik öýünden, uzak wagtlyk brend şertnamalaryndan we geçen ýylky “Jawan” ýaly köp girdeji getiren filmlerinden hem girdeji almaga dowam edýär.
Şahruh Han hindi kinosyny söýüjileriň arasynda 30 ýyldan gowrak wagt bäri meşhurdyr. Oňa esasy girdejini “Red Chillies Entertainment” prodýuserlik kompaniýasy we özüniň “Knight Rider Sports” kriket kluby getirýär. Goşmaça girdeji çeşmeleri – filmlere we mahabatlara gatnaşmak, şeýle hem gozgalmaýan emläklere maýa goýumlarydyr.
Bu ýyl “Hurun” reýtingine ýene-de dört sany Bolliwud ýyldyzy maşgalalary bilen goşuldy. Ikinji orny Hanyň birnäçe filmdäki hyzmatdaşy, aktrisa Juhi Çawla $880 million baýlyk bilen eýeleýär. Üçünji orunda Ritik Roşan ($260 million) durýar, şondan soň režissýor Karan Johar (takmynan $200 million) we aktýor Amitabh Baççan maşgalasy bilen (takmynan $183 million) gelýär.
Umuman alanyňda, 2025-nji ýylda Hindistandaky milliarderleriň sany 350 adamdan geçdi. “Hurun India” sanawynyň başyny Mukes Ambani we Gautam Adani çekýär.