JEMGYÝET

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit direktory Türkmenistanda saparda bolar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň administratorynyň kömekçisi we Ýewropa hem-de GDA boýunça sebit direktory hanym Iwana Žiwkowiç 2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Hökümetiniň çakylygy boýunça Aşgabada geljek Žiwkowiç 11-nji dekabrda geçiriljek halkara maslahata gatnaşar we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň adyndan çykyş eder.

Hanym Iwana Žiwkowiç saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer we olarda jemgyýetçilik saglygy goramak, sanlylaşdyrmak we durmuş goraglylygy ýaly köp ugurlarda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşylar.

Hanym Žiwkowiç Türkmenistandaky milli lukmançylyk edaralaryna baryp görer hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine döwrebap ykjam PSR-barlaghanasyny gowşurmak dabarasyna gatnaşar.

Şeýle hem hanym Iwana Žiwkowiç BMG-niň Aşgabatdaky düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşar hem-de 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralaryna gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi