DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi başlaýar

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlaýar. Bir ýyl dowam etjek mejlisiň barşynda dünýäde dowam edýän wakalar, koronawirus bilen göreş, ösüp barýan ýurtlaryň bergileri ýaly köp sanly meseleler boýunça pikir alyşmalar, maslahatlar we dürli çäreler geçiriler.

Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň esasy wakalarynyň biri ýokary derejedäki duşuşyklaryň we çykyşlaryň amala aşyrylýan hepdeligi bolup durýar. 20-26-njy sentýabr aralygynda dünýäniň köp sanly ýurdunyň döwlet Baştutanlary, hökümet başlyklary, daşary işler ministrleri we beýleki ministrleri BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyna gelip, belent münberden çykyş edýärler we ikiçäk duşuşyklary geçirýärler. Bu hepdäniň dowamynda köp sanly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler göz öňünde tutulýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanan Çaba Kereşi kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Ol başlyklyk wezipesini 76-njy mejlisiň başlygy Maldiwleriň wekili Abdulla Şahidden kabul edip aldy.

BAŞ ASSAMBLEÝA BARADA…

Baş Assambleýa BMG-niň esasy maslahat beriji organydyr. Onuň düzümine gurama agza döwletleriň ählisiniň wekili girýär we olaryň her biriniň bir ses hukugy bar.

Möhüm meseleler boýunça çözgütler kabul edilýär. Çözgütler wekilleriň köplüginiň ses bermegi arkaly kabul edilýär.

Baş Assambleýa parahatçylyk we howpsuzlyk, ösüş, garyplygy we ýokanç keselleri ýok etmek, ýaragsyzlanmak, adam hukuklary we daşky gurşawy goramak üçin jogapkär ýeke-täk ähliumumy organdyr.

1946-njy ýylda Baş Assambleýanyň düzüminde 51 döwlet bar bolsa, häzir olaryň sany 193-e deňdir.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi