«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň resmi saýtynda täsin maglumata gabat geldik. Ýer ýüzüniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerinde 570 million adam ýaşaýan eken. Bu dünýäniň ilatynyň 14-den biri diýmek. Ine, ajaýyp Awazada geçiriljek forum şunça adamyň ykbalyna täsirini ýetirer. Awazamyz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň deňiz çykalgasy bolmak üçin möhüm ädim äder.
- BMG-niň ýanyndaky az derejede ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary hem-de kiçi ada döwletlerini goldamak boýunça ýokary derejeli maslahatçylaryň edarasy (UN-OHRLLS) bu forumyň esasy guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Düzümine iri halkara guramalaryň üçüsini (LDCs — az derejede ösen ýurtlar, LLDCs — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, SIDS — kiçi ada döwletleri) birleşdirýän edara 2001-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen döredildi.
- Biziň ýurdumyzyň bu maslahata näderejede ähmiýet berýändigini Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary hem tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkara foruma görülýän taýýarlyk işleriniň hiç birini hem gözden salman, olaryň her biri barada berýän gymmatly maslahatlary forumyň guramaçylyk topary üçin ýol-ýörelgä öwrüldi. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa bu döwletler bilen hyzmatdaşlygymyzy has berkidýär.
- BMG bu iri forumy Awazada geçirmek boýunça degişli Kararnamany şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul etdi;
- Ýer ýüzüniň 57 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi;
- Resminama laýyklykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy (2024 — 2034-nji ýyllar) «Awaza» maksatnamasy» diýlip atlandyrylar;
- Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji iýulynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi;
- Maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçiriler;
- Forumyň çäklerinde geçiriljek çäreler 7 sany ugry öz içine alar. Olaryň arasynda açylyş we ýapylyş dabaralary, plenar mejlisler, ýokary derejedäki mowzuklaýyn «tegelek stollar», forumlar, sergiler, Merkezi Aziýa döwletleriniň Milli günleri bar.
- Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
- Foruma gatnaşjak ýurtlaryň deňze çykalgasynyň bolmandygy sebäpli ýüze çykýan käbir kynçylyklar BMG-niň degişli edaralary tarapyndan hasaba alnyp, her 10 ýyldan şeýle maslahat guralýar. Munuň özi şol ýurtlaryň hem dürli ugurlardaky ösüşlerden yzda galmazlyklaryny gazanmaga gönükdirilendir. Şu forumyň «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar astynda geçirilmegi-de şeýle asylly maksatdan gelip çykýar.
- BMG tarapyndan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hökmünde hasaba alnan 32 döwletiň 16-sy Afrikada, 12-si Aziýada, 2-si Latyn Amerikasynda, 2-si bolsa Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýär.
BMG-niň Awaza forumy üçin aragatnaşygyň döwrebap mümkinçilikleri hödürlener
- «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Şoňa görä, indi birnäçe aý bäri Awazada giň gerimli taýýarlyk-guramaçylyk işleri ýaýbaňlandyrylyp, olara Gahryman Arkadagymyzyň hut özi yzygiderli gözegçilik edýär.
- Awaza forumynyň internet-aragatnaşyk bilen bagly wezipelerini çözmek bolsa golaýda guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, täze döredilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine ynanyldy.
- Aragatnaşyk ministrliginde habar berlişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda maslahaty geçirmek üçin saýlanyp alnan «Awaza» sport toplumynyň çäginde hem-de onuň degişli binalarynda, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Wi-Fi ulgamynyň enjamlar toplumlary işe girizilipdir. Şeýle-de sport toplumynda ýokary hilli seslendiriş enjamlary gurnalyp, forumyň resmi web saýtyna zerur bolan serwer enjamlarydyr korporatiw elektron poçtalar üpjün edilipdir.
- Galyberse-de, ýurdumyza kärende alynýan internet akymlarynyň göwrümini giňeltmek, olaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak maksady bilen, kärende alynýan ugurlary ätiýaçlandyrmak babatda-da zerur çäreler görlüpdir.
- Myhmanhanalara barýan optiki-süýümli aragatnaşyk we içki kabelleriň çekilip, Wi-Fi ulgamynyň işe girizilendigini, otaglarynda bolsa 200-den gowrak teleýaýlyma tomaşa etmäge mümkinçilik berýän «ÄlemTV» hyzmatynyň ýola goýlandygyny bellemek gerek.
- Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde, syýahatçylyk zolagyna barýan ýoluň ugrunda we onuň çäginde, halkara maslahatyň geçiriljek ýerinde 4G+ tehnologiýasynyň işe goýberilmegi, öz gezeginde, öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmäge ýardam berer.