JEMGYÝET

“Bitaraplyk” binasynyň dabaraly açylyşy

Şu günler paýtagtymyz Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär.

Şol dabaralaryň çäklerinde Aşgabadyň günorta künjeginde durky täzelenen “Bitaraplyk” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.  Açylyş dabarasyna “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky ilçileri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda  – San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Mýanmanyň Premýer-ministri Nýu So, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirliogly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa we beýlekiler bar.

“Bitaraplyk” binasynda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň baýdaklary dabaraly ýagdaýda belende galdyryldy.

Binanyň beýikligi 95 metre deň bolup, bu bolsa 1995-nji ýyly alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, şol ýyl Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy.

Ol beýikligi 1,8 metr bolan basgançakly düýpde ýerleşdirilip, umumy diametri 100 metre barabardyr.

Binagärlik aýratynlygynyň biri — binanyň üç güýçli sütün üstünde durmagy bolup, olar bir “üç aýakly diregi” emele getirýär.

Beýik binada ýerleşdirilen bäş welaýatyň haly gölleri, dürli şekiller bitewiligiň, agzybirligiň nyşanydyr.

“Bitaraplyk” binasynyň içinde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Bitaraplyk” muzeýi ýerleşdirilendir.

Umuman, Aşgabadyň günorta bölegi bitaraplyk zolagyny emele getirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri