BIZNES

Birža täzelikleri: özbek telekeçileri dizel ýangyjyny satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit koksuny, polipropileni, tehniki kerosini, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Şotlandiýanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri hem-de buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 199 müň dollaryna barabar boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 15 million 602 müň manatdan gowrak bolan, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

 

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» forumyna taýýarlyk görülýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar