BIZNES

Birža täzelikleri: özbek täjirleri el halylaryny satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Özbegistanyň täjirleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynyň önümi bolan polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy.

Owganystanyňwe Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 48 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polietileni, pagta süýümini hem-de el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 160 million 269 müň manatlykdan gowrak boldy.

 

Türkmenistan Azerbajýana tebigy gaz iberer

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär