BIZNES

Birža täzelikleri: owgan telekeçileri suwuklandyrylan gazy satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini, uçar kerosinini, arassalanmadyk parafini, owganystanly telekeçiler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 897 müň dollaryndan gowrak boldy.

Nah ýüplük we haly önümleri Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň telekeçileriniň geleşiklerin iň esasy bölegini düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy 31 million 947 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň164 müň275 dollaryna deň bolan Portland sementi, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy 13 million 321 müň manatdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni we el halylaryny satyn aldylar.

 

Ärdogan: türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdüriler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar