BIZNES

Birža täzelikleri: 32 geleşik baglaşyldy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 33 million 727 müň 363 dollarlyk 32 sany söwda geleşigi baglaşyldy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Wirjin adalaryndan, Maltadan we BAE-den gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli reňkdäki we dürli ölçegdäki düz boýalan, žakkard sütükli önümler hem-de nah ýüplügi satyldy.

Manat serişdesine Türkiýeden gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 7 million 810 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 110 million 726 müň manatlykdan gowrak nebit koksuny, nebit bitumyny we plastik poddony satyn aldylar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler