SIZDEN GELENLER

Birman üzümi we onuň ähmiýeti

Birman üzümi haýal ösýän, mydama gök öwüsýän agaç bolup, boýy 25 metre, ini 7 metre çenli ýetip bilýär. Baldagynyň kese-kesigi tegelek görnüşli, miweleriniň diametri 2-3 sm, sarymtyl reňklidir. Miweleri bişenden soňra gyzylymtyl reňke geçýär. Ösmegi üçin ýokary çyglylyk, temperatura zerur. Tohumlary arkaly köpeldilýär. Miwesiniň tagamy hytaý eriginiňkä meňzeşdir. Birman üzüminiň ýer ýüzünde ençeme sortlary bolup, olar biri-birinden miwesiniň ululygy, reňki, tagamy bilen tapawutlanýar. Ösüş aýratynlyklaryna baglylykda esasan aprel aýynda hasyl berip başlaýar. Hasyl getirmekligi tomsuň ahyryna çenli dowam edýär. Ol aýratyn hem Taýlandda ösýär, käbir görnüşleri bolsa Kamboja, Malaýziýa, Günorta Hytaý, Hindistan, Wýetnamyň käbir sebitlerinde duşýar. Taýlandyň dürli sebitlerinde birman üzümi giňişleýin ulanylýar. Adaty üzümden tapawutlylykda miweleri uzak wagtlap saklanyp bilmeýär, ýagny uzak wagtlyk eksport üçin çydamsyzdyr, ýer ýüzünde seýrek duş gelýär. Täze ýygnalan birman miweleri 5 günden köp saklanan ýagdaýynda miweler garalyp ýitipbaşlaýar.Miwesiniň düzüminde C witamini, fosfor, demir, kalsiý, magniý bar. Onuň ýapraklary, miwesi, ýagny ähli bölekleri dermanlyk maksatlary üçin ulanylýar. Ýapragyndan deri kesellerini bejermek üçin ýörite melhem ýasalýar. Miwesindäki ýokumly maddalaryň aşgazanyň, böwregiň, ýüregiň işleýşini gowulandyrýanlygy bolsa ondan taýýarlanan çaýy ulanmaklyga mümkinçilik berýär. Birman üzümi artrit we gury agyryny bejermekde hem ähmiýetlidir. Miwesinden alkogolly we alkogolsyz içgiler, mürepbeler taýýarlanýar.

Babyş Atjanow

Türkmen oba hojalyk institutynyň

 öwreniji mugallymy

2-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün