Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýdäki ýoldaşyňyz däl. Bir ömür dowam eden hekaýanyň “biz” diýlen ýarysy hem onuň bilen gider. Birlikde taýýarlanjak saçaklar, gijikdirilen gezelençler, “bir gün ederis” diýip goýlan arzuwlar — olaryň hemmesi ýary ýolda galýar.
***
Suratlarda doňup galan gülüşler, käsäniň gyrasynda galan yzlar we siziň henizem ýüregiňiziň bir ýerinden oňa pyşyrdap aýdýan sözleriňiz…
Ine, şonuň üçin…
***
Eger “bir ömür” diýip atlandyran adamyňyz entek ýanyňyzda bolsa, bugün ony berk gujaklaň. Nähili duýsaňyz — şu gün aýdyň. “Ol bilýär-dä” diýip gijikdirmäň.
***
Bir gün geler — onuň sesiniň iki setirini diňlemek üçin hem ähli zady bermäne taýyn bolup bilersiňiz, emma… Çünki käte “ertir” diýip garaşýan günüňiz gelmez. Galan bolsa, bir ömürlik “käşgeler ” bolar.
***
Gulagyňyzda “Ezizim!” diýip seslenen ýaly owaz geler. Pikirlenmezden jogap berersiňiz: “Hawa, eşidýän?” Emma senin sesiň boşlugyň içinde ýitip gider. Şonda düşünersiňiz… Durup aglarsyňyz.
***
Bir ýanýoldaş gidende, adamyň kalbyndan bütin bir ömür sogrulýan ýalydyr.
Her gün size “Biraz dynjyňy al”, “Naharyňu sowatman iý” diýip alada edýän, diňe siziň şatlanyp güleniňiz üçin begenýän şol ses indi ýokdur.
***
Kem galan diňe bir “adam” däl — ol bir “ömürlik ýanýoldaşdyr”.
Birlikde garrygyna ýetmegiň, şol bir ýassykda baş goýmanyň, şol bir doga bilen “Ämin” diýmegiň rahatlygy hem ýitýär.
Galan bolsa diňe ýatlamalar bolýar…
***
Ýassyga baş goýulmazdan öň aýdylan soňky pyşyrdylar… hemmesi birden dymýar.
Bir ýanýoldaş gidende, öýüň tertibi üýtgeýär.
Düşek birden bir adamlyk düşege öwrülýär; otaglar sebäpsiz sowap başlaýar.
***
Şkafdaky käseler ýerinde dursa-da, birisi mundan beýläk hemişelik boş ýaly görünýär.
Şkafda asylyp duran köýnegine siňen ys hem her gün ýitip gitmek bilen bolýar —
Göýä onuň soňky wadasyny berýän ýaly.
***
Öý ümsümlige çümer.
Ýöne bu boşlugyň ümsümligi däl; içi doly, agyr bir ümsümlikdir. Gapynyň çäginde, çeýnegiň bugunda hem onuň demi ýaly ys henizem gezip ýör.
***
Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýi paýlaşýan adam däl. Bir ömürlik hekaýanyň ýarysy hem onuň bilen gider. Birlikde taýýarlanjak saçaklar, gijikdirilen gezelençler we “bir wagt ederis” diýip goýlan arzuwlar — hemmesi ýary ýolda galýar.
