SIZDEN GELENLER

Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, kämilleşdirmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatyndaky alnyp barylýan işleriň barşynda häzirki wagtda bu ulgama uly ähmiýet berilýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde iň döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär mekdebinde, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher Lukmançylyk orta hünär mekdebinde we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynda döwrebap işler ýola goýlandyr. Şeýle döwrebap işleriň netijesinde ýaşlara bilim öwretmek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegini üpjün etmek ýokary derejede alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny kämilleşdirmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işleri mynasyp dowam etdirilýär. Ynha, ýakynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi-de munuň aýdyň güwäsi bolmak bilen, ähli bilim işgärlerini buýsandyrdy. Özi-de döwrebap binalaryň hut şu ýylyň sentýabrynda — täze okuw ýylynyň başynda ulanyşa tabşyryljakdygy ýaş nesil bilen bagly işleriň jäht tutulýandygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýen paýhasly sözlerinden ugur alnyp, umumadamzat gymmatlyklarynyň, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi göz öňünde tutulyp, bilim ulgamy medeni-ruhy ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz bilen sazlaşykly ösdürilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr» diýen paýhasly pikirinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmekde kanuny binýat berkidilip, maddy-enjamlaýyn we öňdebaryjy tejribä esaslanyp, usulyýet esaslary kämilleşdirilýär.

Şonuň üçin berkarar Watanymyzda çagalar, ýaşlar barada edilýän alada barha dabaralanýar.

 Goý, ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Läle Taýyrowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Mekdep hem-de mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa

usuly birleşmesiniň Mekdebe çenli bilim we terbiýe  mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri