BILIM

Bilim ulgamynda türkmen-amerikan duşuşyklary geçirildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Montana we Waýoming ştatlarynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe resmi duşuşyklaryň we çäreleriň toplumyny geçirdi.

Saparyň dowamynda konsul S.Pirmuhammedow Billingsdäki Montana döwlet uniwersitetiniň (MSUB), Waýoming ştatyndaky Nort West kollejiniň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

MSUB-niň rektory hanym Stefani Hikswa, Nort-West kollejiniň prezidenti hanym Liza Watson we Waýoming uniwersitetiniň Daşary ýurtly talyplaryň hem-de talyp hakly bilim alýanlaryň işleri boýunça bölüminiň direktory hanym Jill Jonson bilen netijeli duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklarda ykdysadyýet, maliýe we bank işi, lukmançylyk we şepagat uýalyk işi, iňlis dili we edebiýaty, mekdebe çenli bilim, oba hojalygy, atçylyk, energetika ýaly ugurlarda alnyp barylýan okuw maksatnamalary barada pikir alşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn akademik alyş-çalyşlary we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Şeýle-de, Ilçihana tarapyndan MSUB-de we Nort-West kollejinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň we diplomatiýanyň 30 ýyllygy» atly tanyşdyryş çykyşlary guraldy. Konsul S. Pirmuhammedow öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasat nusgasynyň aýratynlyklary, onuň BMG tarapyndan halkara derejesinde ykrar edilmegi we ýurduň parahatçylygy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekdäki goşandyny açyp görkezdi. Çäreler agzalan okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Çykyşlardan soň täsirli sorag-jogap alyşmalar gurnaldy. Olaryň dowamynda gatnaşyjylar bitaraplyk derejesi, sebit diplomatiýasy we Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar baradaky gyzyklynmalaryny beýan etdiler.

Şeýle-de, konsul S.Pirmuhammedow MSUB-de we North-West kollejinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawynda orun aldy

Türkmen döwlet uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine goşuldy

Ýapon gaznasy Halkara nebit we gaz uniwersitetine kitap sowgat etdi

Türkmen okuwçylary XCEL olimpiadasyndan baýrakly dolandylar

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine täze kitaplary gowşurdy