“Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos, Obamanyň gaznasyna 100 million dollar peşgeş berdi we bu guramanyň taryhynda bir gezekde berlen iň uly maliýe kömegi boldy. Bezos “Amazon”-yň ýolbaşçylygyndan aýrylandan soň soňky aýlarda haýyr-sahawat işlerini köpeltdi.
“Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysynyň beren haýyr-sahawaty gaznanyň garamagyndaky iki ýaşlar guramasy, “Gyzlar mümkinçilikleri bileleşigi” we “Agamyň sakçysy” ýaly köp sanly topary maliýeleşdirmek üçin ulanylar.
Bezos iýul aýynda Smitsoniana 200 million dollar peşgeş berdi we Bezos Ýer gaznasynyň üsti bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin 2020-nji ýylda 10 milliard dollar maýa goýmagy wada berdi.
Bezos “Amazon” we “Blue Origin” -iň esaslandyryjysy, 200 milliard dollardan gowrak şahsy baýlygy bilen dünýäniň iň baý işewür adamlaryndan biridir. Jeff Bezosyň durmuşy gözden geçirilende, onuň has öňe ädim ädendigini görmek bolýar. 1964-nji ýylyň ýanwar aýynda doglan Bezos Nýu-Meksikoda doglandygyna garamazdan, Hýustonda we Tehasda ulaldy. Jeff Bezos çagalygyndan ylym we mehanika bilen gyzyklandy. Öz öýlerindäki ammary işi üçin ulanyp başlady. Jeff Bezosyň terjimehalynyň iň möhüm bölegi kollež durmuşyndan başlaýar. 1986-njy ýylda uniwersitet durmuşyny, Albert Eýnşteýn ömrüniň soňky günlerine çenli mugallymçylyk eden Prinston uniwersitetini saýlady. Ol bu ýerde elektrik we kompýuter ylymlary öwrendi we bölümi gutaran badyna biržanyň merkezi “Wall Street”-de işe başlady. Şeýle hem, “Wall Street”-de özüni görkezmegi başardy we “DE Shaw” maliýe kompaniýasynyň wise-prezidenti wezipesini aldy. Ol şu güne çenli kompaniýanyň iň ýaş wise-prezidenti boldy. Soňra “DE Shaw”-dan çekildi we “Amazon” -ny esaslandyrdy we onuň beýgelişi başlandy. “Amazon”, diňe Bezosyň däl, eýsem döredilen wagty internet ulanyjylarynyň durmuşyny hem üýtgetdi. 2004-nji ýylda “Blue Origin” kosmos gözleg kompaniýasyny esaslandyrdy. Bezos bu kompaniýany esaslandyryp, kosmos uçuşy üçin täze tehnologiýalary ösdürmegi we netijede kosmosa adam syýahatyny başlamagy maksat edinýär.
Türkmenistan Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy