Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri we Konserwatiw partiýasynyň ýolbaşçysy Liz Trass boldy.
47 ýaşyndaky Trass üçin Konserwatiw partiýasynyň 81 müň 326 agzasy ses berdi. Onuň bu ugurdaky esasy bäsdeşi 42 ýaşyndaky ozalky maliýe ministri Rişi Sunak 60 müň 399 ses aldy.
Liz Trass ertir, ýagny 6-njy sentýabrdan Boris Jonsonyň ýerine geçer we Beýik Britaniýanyň täze hökümetini düzer.
Trass Beýik Britaniýanyň 56-njy, Ýelizaweta II şalyk eden döwründäki 15-nji Premýer-ministr boldy. Şeýle hem Liz Trass Margaret Tetçerden we Tereza Meýden soňky 3-nji zenan hökümet başlygydyr.
Liz Trass saýlawyň öň ýanyndaky möwsümde eden çykyşynda goranmak üçin çykdajylary artdyrmak, salgytlary azaltmak, hökümet başlygy wezipesine girişen ilkinji hepdesinde elektrik energiýasynyň bahalarynyň artmagyna garşy göreşmek üçin degişli meýilnamany hödürlemek babatda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürüpdi.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Boris Jonson 7-nji iýulda wezipesini tabşyrmagy mälim edipdi.
