BIZNES

Bereketdäki kärhanada şu ýyl 2,7 million manatlyk ýod önümleri öndürildi

Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynda şu ýylyň geçen üç aýynda jemi 2 million 730 müň manatlyga barabar önüm öndürilip, meýilnama 181 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 126 göterim ýokarlandyrylandygyny görkezýär.

Kärhananyň ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir.

Ýeri gelende aýtsak, ýod önümçiligi kärhanasynda taýýarlanýan ekologiýa taýdan arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýola çykylyp işlenilende juda amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyňdyr ýod galamlarynyň lukmançylykda zerur bolýan halatlary sanardan köpdür. Şikes ýetme we hirurgiýa görnüşli ýaralary arassalamak, bioserişdeleri synag üçin almak, barlamak, özbaşdak ulanmak ýaly ýagdaýlarda onuň ähmiýeti uludyr. Kärhananyň önümlerine bolan isleg içerki we daşarky bazarlarda barha artýar.

 

Merkezi Aziýa-Hytaý daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

 

Ýene-de okaň

Hytaý kagyz demir ýol biletlerinden ýüz öwürdi

Astrahan – Türkmenbaşy göni howa gatnawy mümkinçiligine garaldy

Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze himiýa zawodlary gurlar

Türk we koreý kompaniýalary Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanda hususy pudagyň ykdysadyýetdäki paýy 72,8%-e ýetdi