JEMGYÝET

Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebiň täze binasynyň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumy, onuň desgalarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra dabara gatnaşýan ýaş nesilleriň wekilleri döwlet Baştutanymyzdan binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegini hem-de bu waka mynasybetli ýadygärlik senenama ýerleşdirilen gutyny binanyň düýbüne atmagyny haýyş etdiler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Munuň özi tutuş ýurdumyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ähmiýetli asylly işlere halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary esasynda ak pata berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri Watan goragçylarynyň güni we Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlady.

 

28-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri