TESWIRLER

Berdi Kerbabaýew

Ady we familiýasy:  Berdi Kerbabaýew

Doglan ýeri: Tejen etraby Gowkuzer obasy

Doglan senesi: 1894-nji ýyl

Aradan çykan senesi:1974-nji ýyl

 Bilimi:Tejen, Kaka, Gorjaw, Buhara medresesi

Gysgaça maglumat: Berdi Kerbabaýew romançy ýazyjy hökmünde dünýä ýüzünde tanalýar. Onuň “Aýgytly ädim” romany dünýäniň köp dillerinde terjime edildi. Bu roman esasynda kinofilm döredildi. Berdi Kerbabaýewe “Sosialistik Zähmetiň Gahrymany” diýlen at berildi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi. Ol Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanyldy. “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgari” diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Döredijiligi: Geljekki ýazyjy ýaşlyk ýyllarynda türkmen halk döredijiligi eserlerini, nusgawy edebiýaty, Gündogaryň Nyzamy, Jamy, Nowaýy ýaly söz ussatlarynyň eserlerini ürç edip okaýar. Ol döredijilik işini şygyr ýazmak bilen başlaýar. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda dürli temada  ençeme goşgular döredýär. Ol goşgularda halkyň aň-düşünjesiniň ösüşi ýaly möhüm meseleler gozgalýar.Berdi Kerbabaýew 20-nji ýyllaryň ahyrynda birnäçe göwrümli eserleri-poemalary ýazypdyr. Ol poemalar şol döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolan aýal-gyzlaryň azatlygyna bagyşlanypdyr. Olaryň ilkinjisi şahyryň “Gyzlar dünýäsi” atly poemasy. Bu poema özüniň şahyranalygy, akgyn okalyşy bilen öz döwründe halk arasynda elden-ele geçip, uly şöhrata eýe bolupdyr. Berdi Kerbabaýewiň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup, bir möhüm mesele geçýär. Ol mesele Amyderýanyň mele suwuny Garaguma akdyrmak, ülkamiziň uly giňişligini eýeläp ýatan türkmen sähralaryny suwlandyrmakdyr. Şahyr baryp, 1927-nji ýylda suwy bilen türkmen sähralaryny suwarmak arzuwyny mälim edipdir. Şahyr bu pikirini has çuňlaşdyrypdyr, 1930-njy ýylda “Amyderýa” atly poemasyny ýazypdyr. Bu poemanyň gozgaýan meselesi şu günlerem öz ähmiýetini gaçyrman gelýär.Berdi Kerbabaýew 30-njy ýyllardan başlap, çeper terjime işine-de uly üns beripdir. Ol elli töweregi eseri türkmen diline geçiren ýazyjy hökmünde tanalýar.

Çeşme: Edebiýat.umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw                   kitaby.-A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016 sahypa-189-190

Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa

Taýýarlanan senesi:20.04.2022 ýyl

Annagylyç Mätäji

 

 

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri