SIZDEN GELENLER

Benzemanyň özüne ynamy ýa-da wajyp oýunlarda “Panenko urgusyny” geçirmegiň taryhy

Elbetde, beýle urgular ýa şol oýnuň netijesine täsir edýär ýa-da penalti urgulary boýunça ýeňijini kesgitleýär. Geliň, topar üçin diýseň wajyp oýunlarda “Panenko urgusyny” ýerine ýetiren oýunçylar bilen tanşalyň.

Karim Benzema – 2021-2022 UEFA Çempionlar Ligasynyň ýarym finaly

“Mançester Sitä” garşy geçirilen ýarym finalyň birinji oýnunda netije “şäherlileriň” hasabyna 4:2 gidip durka, Benzema 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirmek üçin nokada golaýlaşdy. We “Panenko urgusyny” geçirip toparyny hasapda ýakynlaşdyrdy. Play-off oýunlarynda her bir goluň ähmiýeti uly, şu tarapdan seredeniňde Karim töwekgelçilik etdi. Emma töwekgelçilik öz ýerine düşdi.

Françesko Totti – Euro-2000 ýarym finaly

Şol geçirilen urgyny Totti topardaşlary bilen jedel üçin diýen ýaly ýerine ýetirdi. Haçan-da türgenleşikde ol “Panenko urgusyny” geçirmäge taýynlyk görýärkä ol öz topardaşlaryna ýarym finalda-da edil şeýle urgy geçirjekdigne söz berdi. Ol Niderlandlaryň garşysyna geçirilen ýarym final oýnunda urgyny söz berşi ýaly hem geçirdi.

Lionel Messi – La Liga – 700-nji gol

Özüniň ajaýyp karýerasyndaky 700-nji goluny Messi penaltiden, “Panenko urgusy” arkaly geçirdi. Bu gol 2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda “Atletiko” garşy geçirilen oýunda bolupdy, Ýan Oblak urgyny gaýtaryp bilmändi.

Zinedin Zidan – Dünýa Çempionaty – 2006 final oýny

Rowaýaty oýunçynyň iň soňky oýny diňe Marko Materassi bilen jenjel boýunça ýatda galmandy, bu oýunda ol ajaýyp urgy bilen toparyň ýeke-täk goluny geçiripdi. Zidan topy Buffonyň goraýan derwezesinden ussatlyk bilen geçiripdi.

Sebastýan Abreu – Dünýä Çempionaty – 2010 çärýek finaly

Şol çempionatyň Urugwaý bilen Gananyň arasynda geçirilen çärýek final oýny köpleriň ýadynda Luis Suaresiň eli bilen derwezeden çykaran pökgüsi bilen ýatlanýan bolsa, penalti urgularynda has gyzykly waka bolup geçdi. Iň soňky penaltini ýerine ýetirmäge golaýlaşan Abreu topy “Panenko urgysy” arkaly derwezeden geçirip, Urugwaýy ýarym finala çykarypdy.

Andrea Pirlo – Euro – 2012 çärýek finaly

Çempionatyň çärýek finalynda geçirilen Angliýa bilen duşuşykda ussat futbolçynyň sowukganlylyk bilen ýerine ýetiren “Panenko urgusy”. Derwezeban Jo Hart muňa çäre tapyp bilmändi.

Serhio Ramos – Euro – 2012 ýarym finaly

Ispaniýa üçin aýgytlaýjy, soňky urgyny ýerine ýetirmäge golaýlaşan Ramos ony asmana uçurmagyň ýerine, “Panenko urgusy” bilen ýerine ýetirmegi makul bildi. Netijede bu synanyşyk ýerine düşdi we goragçy mundan başga gezegem şeýle urgy geçirmegi başardy.

Aleksis Sançes – Kopa Amerika – 2015 final oýny

Ýaryşyň finalynda Çili bilen Argentina duşuşdy. Penalti urgulary boýunça soňky synanyşyk bolsa Aleksis Sançesiň paýyna düşdi. Onuň ýerine ýetiren “Panenko urgysy” gyşygrak boldy, emma onuň ýurduna arzyly kubogy gazandyrdy.

 

Serdar Muhamow, sport synçysy

27-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany