SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy

Belgiýanyň “Challenge Airlines” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada özüniň ilkinji ýük gatnawyny ýerine ýetirdi. /awiakompaniýa Ninbo (Hytaý)-Aşgabat we Aşgabat-Lež (Belgiýa) ugry boýunça ýük gatnawyny ýola goýdy. Bu gatnaw Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda awiasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretmäge şert döreder. Bu barada Belgiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Golaýda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Belgiýanyň awiakompaniýasynyň, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň hem-de Aşgabadyň halka howa menziliniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi. Onda howa ýük gatnawlarynyň yzygiderli üpjün edilmegi babatda pikir alşyldy.

Bu gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda raýat awiasiýasy ulgamynda degişli ylalaşyga gol çekmegiň möhümdigi bellenilip, resminamanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň ýörelgesini düzgünleşdirmäge mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.

 

Related posts

ABŞ: syýahatçylar sanjym etdirmeli bolarlar

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

14-nji “Travel Turkey Izmir” sergisi onlaýn geçiriler

Leave a Comment