SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hindistanda ilkinji maýmyn mama keseli ýüze çykdy

Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habar bermegine görä, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen we ýurduň Kerala ştatynyň raýaty näsaglanyp, hassahana baranda, onda maýmyn mama keseliniň bardygy anyklandy.

Bu barada berlen beýanatda hassahanada 35 ýaşyndaky adamda maýmyn mama keseliniň bardygy anyklanyp, munuň Hindistandaky ilkinji hasaba alnan waka bolandygy bellenilýär.

Ministrlik Kerala ştatynyň Kollam şäherine ýokary derejeli lukmanlar toparyny iberdi. Bu topar ştatyň lukmançylyk edaralary bilen jemgyýetçilik saglygy üçin öňüni alyş çäreleri babatda degişli işleri alyp barar.

Ýurduň hökümetiniň bu ýagdaýy nazarda tutup, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin degişli öňüni alyş çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýandygy mälim edildi.

 

3 ýyldan soňra dünýä çempionaty geçirilýär

Related posts

3 ýyl ýöräp, Mekgä bardy

Ýaponiýa Afrika sanjym berýär

Ata Watan Eserleri

Maýmyn mama keseli üçin adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy