BIZNES

Baýlygy 300 milliard dollara ýetdi

«Tesla» hem-de «SpaceX» kompaniýasyny esaslandyran Ilon Mask emlägi 300 milliard dollara ýeten ilkinji adam boldy.

Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär. “Tesla” kompaniýasynyň öndürýän elektrikli awtoulaglarynyň yzygiderli ýokary satuwy bilen gowy girdejiler gazanýan Ilon Mask 300 milliard dollarlyk sepgide ýetdi.

Neşiriň habar bermegine görä, häzirki wagtda Maksyň baýlygy ozalkysyndan 7,4 milliard dollar artdy. Ol hem “Tesla” kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. 1-nji noýabrdaky hasabata görä, kompaniýanyň gymmat bahaly kagyzlarynyň bahasy 1154,49 dollara deň boldy.

Mälim bolşy Amerikanyň “Tesla Motors” kompaniýasy 2003-nji ýylda esaslandyryldy. Elektrikli awtoulaglar bilen bir hatarda kompaniýa şeýle ulaglar üçin batareýalary we elektrikli hereketlendirijileri öndürýär we olary beýleki awtoulag kompaniýalaryna hususan-da, “Toyota” we “Daimler” şereketlerine satýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Ilon Mask adamzadyň azyk bilen üpjünçiligi üçin öz eýeçiligindäki «Tesla» komppaniýasynyň paýnamalarynyň bir bölegini satmaga taýýardygy mälim edipdi.

 

Aşgabatda 80-nji belgili täze awtobus ugry işe girizildi

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler