SPORT

“Barselona” Kumany wezipesinden boşatdy

Şu möwsümde haýsy tälimçiniň has ir wezipesinden boşadyljakdygy baradaky habarlar soňky günlerde sport neşirlerinde giňden beýan edilýärdi. Olaryň hatarynda “Barselona” toparynyň tälimçisi Ronald Kuman, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň tälimçisi Ole-Gunnar Sulşer, Russiýanyň “Spartak Moskwa” toparynyň tälimçisi Rui Wiktoriýa bardy.

Olardan ilkinji bolup, Ronald Kuman wezipesinden boşadyldy. Şu möwsümde hem Ispaniýanyň milli çempionatynda hem-de Çempionlar ligasynda şowsuz çykyş eden “Barselona” topary 58 ýaşyndaky tälimçisi bilen şertnamasyny ýatyrdy.

Bu ýagdaý geçen hepde “El Klasiko” duşuşykgyndan “Real Madrid” toparyndan ýeňlen “Barselonanyň” çempionatyň 11-nji tapgyrynda myhmançylykda “Raýo Walekano” toparyna hem 1:0 hasabynda utulmagy sebäp boldy.

Bu duşuşyklardan soňra toparyň ýolbaşçysy Žuan Laporta Ronald Kumana wezipesinden boşadyljakdygyny habar berdi.

Häzirki wagtda “Barselona” çempionatda 10 duşuşykda 15 utuk toplap, 9-njy orunda barýar.

Kuman 2020-nji ýylda “Barselona” toparyna tälim bermek maksady bilen Niderlandlar Patyşalygynyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesini taşlapdy.

“Barselona” toparynyň özüniň ýyldyz futbolçylaryndan, häzirki wagtda Kataryň “Al Sadd” toparyna tälim berýän Hawini tälimçi wezipesine bellemegi meýilleşdirýär.

 

28-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”