SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bangkok şäheriniň ady üýtgedilýär

Tailand Patyşalygynyň paýtagty Bangkok şäheriniň ady üýtgedilýär. Munuň üçin degişli işler alnyp barylýar. Şäheriň adynyň üýtgedilmegi blen baglanyşykly öňe sürlen başlangyç birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar.

Şäher mundan beýläk Krung-Thep-Maha-Nakhon diýlip atlandyrylýar. Ol taý dilinden terjime edilende “Beýik paýtagtyň perişdeler şäheri” diýen manyny berýär.

Tailandyň paýtagtynyň 1782-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda Günorta-Gündogar Aziýanyň çalt depginde ösüýän megapolisine öwrüldi. Onuň tutýan meýdany 1,5 müň inedördül kilometr bolup, ilkibaşda şäher Krung-Rattanakosin-In Aýutthaýa diýlip atlandyryldy. Bu at Patyşa Rama I döwründe berlipdi. Soňra Patyşa Rama III döwründe şäher Bangkok-Bowon-Rattanakosin-Mahinta-Aýutthaýa diýlip atlandyrylypdy.

“Bangkok” sözi Çao-Praýýa derýays bilen baglanyşdyrýarlar. Şäher bu derýanyň kenarynda guruldy.

Aslynda, Tailandyň paýtagty taý dilinde hemişe Krung-Thep-Maha-Nakhon diýlip atlandyrylypdyr. Ýöne onuň iňlis dilindäki atlandyrylyşy Bangkok hasaplanypdyr. 2001-nji ýylda Tailandyň Patyşalyk alymlar geňeşi Bangkokyň resmi taýdan ulanylmagyna rugsat beripdi. Bu geňeş häzirki wagtda paýtagtyň adynyň üýtgedilmegi babatda işleri geçirýär.

 

Öýde gaşlaryňyza ideg etmegiň görnüşleri

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar