Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!

Gündogardan-Günbatara, Günortadan-Demirgazyga türkmen akyldary Magtymguly Pyragy hakda eşitmedik ýok bolsa gerek. Eger eşitmedik bolsa, menem ol hakynda kelam-agyz aýdaýyn…

….Hawa, ýyllar onuň ömrüne kär edip bilmedi, akyldaryň paýhasy wagtdan hem rüstem geldi. Şonuň üçin oňa ylahyýet dilinde Hezreti diýilýär.

Onuñ Alyjenaby Magtymguly Pyragynyñ parasat akabasynyñ hemişe akgynly boljakdygyna bolan ynam bilen bolsa türkmen onuň geçen üç asyrlyk geçen ýoluny sarpalap toý tutýar. Bu toý-baýram şeýlekin hem ýöne zat däl türkmen üçinem, dünýä üçinem. Şol sebäplem dünýä danasynyň ruhy  halkara derejesinde galkynýar. Çünki oňa sarpa goja Zeminiň ýüzünde bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmeniň iň mukaddes ýeri hasaplaýan öý-ojagyndan gözbaş alýar. Öý-ojakdan başlanýan sarpa bolsa ilki syrgyna, soň küren oba, kent-kent şäherlere ýaýrap, tutuş ýurda dolýar. Ýurduň gollap, iliň oňlan hakykatyny bolsa dünýä ykrar edýär. Şeýde-şeýde ýaşa gelen, köňül içre hoşa gelen, ynsan üçin joşa gelen şahyryň mertebesi müdimi bolman bilermi eýsem…

Elbetde! Magtymguly diýilse ähli ylymlary bir başa çeken, terbiýe taglymatyny bir sapaga düzen, söz sungatyna özen, şygyrlary şirin düzen çyn Ussat göz öňüne gelýär. Şeýlede ahunlyk, ulamalyk, aryflyk derejesine ýeten parasatly Ägirt hakydaña dolýar. Şonuň üçinem biziň ilde terbiýelenýän körpeje üçinem, ylym meýdanyna ätlän ýetginjek üçinem, durmuşa gadam basan juwanlar üçinem, kämiller üçinem, hatda ägirtler üçinem Magtymguly Baş pelesepe-ýol ýörelge bolup durýar. Sebäbi adamy mertebeläp, onuň geljegi, nesli, dowamaty, ömrüniň manysy üçin dürler saçan şahyryň her bir sözi uly mekdep, gadry hiç haçan gaçmajak gymmatlyk hökmünde dünýä hakydasynda orun aldy.

Ýogsada, siz türkmen ülkesine myhman bolup gördüňizmi?!

Her bir öýde onuň kitaplary, dana diwanlary bar. Käbir öýde hala çitilen portretleri, onuň hormatyna döredilen añrybaşy sungat eserlerem saklanýar. Henizem ol hakynda iñ kämil eserler döredilip ýör. Gündeligem durmuş meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolnanda onuň paýhasyna eýerilýär. Anyk hem umumy aýdanyňda ol her bir türkmeniň köňlünde, ýurduň hemme ýerinde bar. Onuň goşgularyndan bolsa kiçiden-ula bilmeýän ýok. Haýsy türkmeni  gije turuzyp sorasaňam iñ bolmanda  bir-iki setiri bolsun hökman dile getirer…

Türkmen toýlaryny dagy diýsene…Boýdan-başa gazma dutar bilen saza goşulan Magtymgulyň sözleri. Özem toýlaryñ ähli görnüşinde perzent toýunda, sünnet toýunda, jaý toýunda…hatda ýaş toýlardada… Toýdan soňam gulagyňda, ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur. Sebäbi onuň türkmen gany nesillerde aýlanyp dur. Diňe toýda däl, bizde gamly günüň hem Magtymgulyň goşgularna ýapyşylýar. Onuñ wesiýetlerne eýerilýär. Sebäbi heran-haçan akla eýermek, pähme sygynmak türkmeniñ zannyna bar. Ol täsin ahwalat bilen göwne giňlik, duýga terlik, tolgunmaňa teselli berýär. Edil onuň päk ruhy seni goluňdan göterýän ýaly bolýar… Ynanyñ we  eger şeýle güýje eýe bolsa ol hakynda özüňizem pikir edip görüň!

Eserlerinde umman ýaly joşup duran many, asman ýaly giňiş mazmun, Gün deý gyzgyn mähir, toprak deý bereketli sözler, özem türkmen diliniň iň gadymy dilleriň biridigini tassyklaýan sözler bar. Seni dünýäniñ gözüne göni bakmaga, adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaga, aklyña aýlanmaga, öz aýagyñda durmaga we özüñ bolup, öz hakyky ornuñy tapmaga taýýarlaýan ýol görkeziji bolan hossarlyk ruhy bar.  Ýekeje ýok zat-olam onuň täsirinden çykmak ýok.

Çynymy hem çenimi aýdaýyn:

Onuň eserlerini okamak örän aňsat-düşünmek welin juda kyn…

Goşgulary durşuna akyl, setrileriniňem her biri nakyl…

Kitaplarynyň sahypasy ýeňil, ýöne manysy iňňän agyr…

Özi ýeke-öwüt-ündewleriniň welin sany ýok…

Diwanlary daşyndan adaty ýaly, içinden weli juda del.

Ony okap başlanyñdan seni başga duýgular gurşaýar, göýä saña bagyşlanyp ýazylan ýaly…

Magtymguly panydan gitse-de, panyň hakydasyndan gitmedi. Gaýta, asyrlar onuň ömrüne ömür goşýar. Asly ylahy, ylhamly ynsanyň üýtgeşik ahwaly bu ýagty ýaradylyşa ýaraşyk berip ýör. ( Sebäbi ol bar bolansoñ  onuñ  doglan güni bellenilýär).

Öz beýik ogluna buýsanmak bilen halkymyzda akylly kişi, edepli, ylhamly perzent bolsun diýip ogul bäbejiklere Magtymguly adyny dakmagam ýörgünli boldy.  Şeýdip Pyragy nesillerde at bolup, añlarda ýat bolup,  döwürlerde şat bolup ýaşaýar. Onuñ ruhy öz arzuw eden döwrüne buýsanyp gezip ýör. Ol bize ruhy halypa, hemdem bolup her gezek täze eserleri döretmägede ylham berýär. Ol hemişe biziñ ýanymyzda, kalbymyzda bolar.  Şonuň üçin «Baky gelen ýok» diýseler ynanmaň!

 

Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,

Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly

4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi,

Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.

 

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

  Göwün bir guşdur…