BIZNES

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

AZCON Holding kompaniýalarynyň biri bolan “Azerbaýjan Demir Ýollary” ÝPGJ-niň (ADY) başlygy Röwşen Rustamow Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmebaşy Halkara deňiz portuna bardy.

Portuň direktory Parahat Jumaýew ADY wekiliýetine Türkmebaşy oortunyň bar bolan infrastrukturasy, tehniki mümkinçilikleri we üstaşyr mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle hem, sebitleýin ýük daşamakda Türkmebaşy halkara deňiz portunyň orny, Baku Halkara deňiz porty bilen Türkmebaşy portunyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy we deňizde çuňlaşdyryş işleriniň geçirilmegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hazar deňzi – Gara deňiz baglanyşygynyň giňeldilmeginiň Orta geçelge boýunça daşamalaryň möçberini we işleriň netijeliligini artdyrmaga goşant goşjakdygy nygtaldy.

Portlaryň Ýewraziýa ulag ýolundaky utgaşdyrylan işleri Orta geçelge boýunça netijeli, çalt we howpsuz ýük daşamaklygy üpjün etmek babatda onuň ähmiýeti bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler