SIZDEN GELENLER

Baharyň gelşi “Semeni” bilen garşy alynýar

Adatça jemgyýetde hormatlanýan mährem enelerimiz we birnäçe gelin-
gyzlarymyz tarapyndan bişirilýän semeni goňşulara, garyndaşlara we myhmanlara hödür edilýän tagam bolup çagalaryň hem her ýylda sabyrsyzlyk bilen garaşyp iýýän söýgüli tagamlarynyň biridir.
Semeni ýazda, Nowruz baýramçylygynda, ekinler ekilip başlanda taýýarlanyp başlanýar.
Her ýylyň mart aýynda Nowruz baýramçylygyndan başlap, aprel aýynyň ahyryna çenli dowam edýän semeni 8-10 gün ýaly möhletiň dowamynda taýýarlanýan tagamlaryň biridir.
Semeni taýýarlananda arassalanan bugdaý dänelerini tagtada ýaýradylyp örtülýär we gögerýänçä 4-5 günläp suw sepilýär. Gowy gögerenden soň bolsa ot üweýjide üwelip krahmal suwuklygy alynýar. Üstüne un goşulup krahmal suwuklygy bilen garylýar we soňra uly gazanda gyzdyrylan ýagyň üstüne goşulýar we 2 gün üznüksiz garylmagy dowam etdirilýär. Şol gazan garylýan wagty ýagşy doga dileg edilse şol dilegleriň kabul bolýanlygyna we semeni tagamy garylyp başlanyndan tä taýýar bolup agzy ýapylyp, hiç hili tagamyny datman 5-6 sagat demine goýulandan soňra, semeniniň ýüzünde Äşe Patmanyň bäş barmagynyň yzynyň peýda bolýandygyna ynanlylar.
Her döwletde semeni tagamynyň taýýarlanmagy şol ýylyň bereketliliginiň alamaty hasaplanýar.

Taýýarlan: Daýanç Agaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Milli bahar baýramy uly dabaralara beslendi

Ýene-de okaň

Täze ýylyň şatlygy-döwrüň bagtyýarlygy

Türkmen Bitaraplygynyň nobatdaky beýany

Bitaraplyk – asudalygyň nusgalyk ýoly

Türkmen Bitaraplygy – köňülleriň buýsanjy

Ata Watan Eserleri

Hoş geldiň ülkäme salam Täze ýyl

Ata Watan Eserleri

Bitaraplyk – türkmeniň buýsançly ýoly