DÜNÝÄ

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de “Watan” gazetiniň redaksiýasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşigiň maksady eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmek bolup durýar.

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler.

Hödürlenjek eserleriň mazmuny ýurdumyzda “ýaşyl” ösüşe gönükdirilen işler, Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we tebigatyň abadançylygy, her bir adamyň gündelik durmuşynda tebigaty goramaga goşup bilýän goşandy, şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda alnyp barylýan işler bilen bagly bolup biler.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmaly.

Hödürlenjek eserleri “Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigine” diýen ýazgy bilen watan@sanly.tm elektron poçtasyna 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabryna çenli ibermeli.

Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary, baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 38-61-05, 38-61-07, 38-61-16, 38-61-17, 39-84-30.

Ýene-de okaň

Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» toparynyň janköýeri çykdy

“Öýde ýeke özi”: Kewiniň ejesi aradan çykdy

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer