SIZDEN GELENLER

Azyk ýitgileri we iýmit galyndylary barada maglumatlary ýaýratmagyň Halkara güni

Her ýylyň 29-njy sentýabrynda Azyk ýitgileri we iýmit galyndylary barada maglumatlary ýaýratmagyň Halkara güni bellenilip geçilýär. Bu halkara gününiň mazmuny azyk önümleriniň satuw hem-de sarp ediliş üçin ulanmagyň ýitgisini azaltmaga köpçüligiň ünsüni çekmekden ybarat bolup durýar.

2011-nji ýylyň maglumatlaryna görä her ýylda azyk önümleriniň üçden biriniň ýitirilýändigi we zaýalanýandygy mälim boldy. 2014-nji ýyldan bäri açlykdan ejir çekýänleriň sany kem-kemden köpelýär. Munuň sebäbi bolsa, azyk önümleriniň biderek ýere sarp edilmegi bolup durýar. Käbir maglumatlara görä bütin dünýäde öndürilýän önümiň 14 % ýitgä sezewar bolýar. Häzirki çaklamalara görä, açlyk dünýä ilatynyň 8,9% tutup, ol takmynan 690 million adama täsir edýär. Soňky bir ýylda bu görkeziji 10 million töweregi artdy. Häzirki wagtda käbir azyk önümleri biderek ýere sarp edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji mejlisinde Durnukly ösüş üçin 17 sany maksat kabul edildi. Olaryň biri hem 2-nji maksat, ýagny “Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitlenmegi gowulandyrmak hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek” diýlip atlandyrylýar.

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

BTS” pandemiýadan soň konsertlerine başlaýar

 

Related posts

Guşgy çigildemi – Bathyz gözelligi

Grossmeýster adyna eýe bolan türkmen küştçisi

Ata Watan Eserleri

Arassa ekologiýa – sagdyn durmuşyň kepili