Aziýanyň ösüş banky (AÖB), durnukly ösüşi üpjün etmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak we pes uglerodly ykdysadyýete geçişi çaltlaşdyrmak üçin energiýa pudagynda üýtgeýän başlangyçlara ünsi jemläp, Türkmenistan bilen berk hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara maslahatda eden çykyşynda Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiak Türkmenistanyň energiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýa bazarlaryny diwersifikasiýa etmek we dikeldilýän energiýa çözgütlerini birleşdirmek baradaky başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.
Aziýanyň esasy maliýe edarasy Türkmenistanyň gaýtadan dikeldiýän energiýa çeşmeler, hususan-da Gün we ýel energetikasy, milli energoulgamy döwrebaplaşdyrmak ugrundaky başlangyçlaryny goldap, maliýe serişdelerini gönükdirýär.
- Gün energetikasy ösdürmek: Aziýanyň ösüş banky Arkadag şäherinde Gün energetika ulgamyny ornaşdyrmak üçin 1 million dollar möçberinde tehniki kömek serişdesini gönükdirýär. Bu öz gezeginde Arkadga şäherinde Gün fitoelektrik panellerini ornaşdyrmak üçin ulanylyp, ol hem beýleki şäherler, hususan-da Aşgabat üçin nusga bolup biler. Bank şol bir wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de “Türkmenenergo” edarasynyň ýolbaşçy düzümi üçin Özbegistan, Daniýa we Norwegiýa ýaly ýurtlara tanyşdyrylyş saparlaryny gurnady. Bu hem Gün energetika babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge mümkinçilik berdi.
- Ýel energetikasyny öwrenmek: Şeýle hem Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň ýel energetika mümkinçiliklerine baha bermek üçin 750 müň dollarlyk tehniki kömegi gönükdirdi. Bu tagallalar ýurduň energetika deňagramlylygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir.
• Energoulgamy döwrebaplaşdyrmak: AÖB ygtybarlylygy we netijeliligi ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany has gowy birleşdirmek we elektrik eksportyny goldamak üçin Türkmenistanyň energoulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin maýa goýýar.
Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.
