Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Şri-Lankanyň ýygyndy topary bilen duşuşdy. Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy Şri-Lankanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utup, möhüm 3 utugyň eýesi boldy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýer eýeleri hökmünde artykmaçylygy bilen duşuşygyň 52-nji minutynda Elman Tagaýew hem-de 57-nji Mekan Saparow ýurdumyza ýeňiş getiren gollary geçirdi.
Myhmançylykda çykyş edýän Şri-Lankanyň hem duşuşykdaky ýeke-täk goly 65-nji minutda milli ýygyndymyzyň futbolçysy Annagulyýewiň ýalňyşlygy bilen ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň derwezesine gönükdi.
Türkmenistanyň ýygyndysy yklymyň bu abraýly ýaryşynyň saýlama tapgyrynda “D” toparça çykyş edýär. Şeýle hem bu toparçada Hytaý Taýpeýiniň, Tailandyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bar.
Türkmenistanyň ýygyndysy 9 utuk bilen toparçasynda öňdeligi eýeleýär.