SPORT

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lanka bilen duşuşar

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogynyň-2027-niň saýlama tapgyryndaky üçünji tapgyryň duşuşygyny myhmançylykda Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.

Ýeri gelende bellesek, “D” toparçanyň üçünji tapgyrynyň çägindäki duşuşyk 9-njy oktýabrda Kolombo şäheriniň 10 müň orunlyk «Colombo Racecourse» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 15:15-de başlanar.

Kolombo şäherindäki “Hotel The Kingsbury” myhmanhanasynda düşlän Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndy toparymyz günüň birinji ýarymynda nazaryýet sapaklaryny, ikinji ýarymynda bolsa “Kelania Football complex” sport toplumynda taktika bilen bagly türgenleşik işlerini geçirýär.

Ýeri gelende bellesek bije çekişligiň netijesi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada Hytaý Taýpeýiniň, Tailandyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik alypdy.

Saýlama oýunlaryň iki tapgyrynyň jemi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Hytaý Teýpeýiniň milli ýygyndysyny myhmançylykda 2:1, şeýle-de, öz meýdanynda Tailandyň milli ýygyndy toparyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, toplan 6 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri